türkmenistanda öndürildi

Tizaçar 1.0

Ulanyjynyò gollanmasy

 

Nazar Mämmedow

10/7/2018

 

 

 

 


 


Mazmuny

Mazmuny. 1

1. GIRIª. 2

Tizaçar programmasy barada. 2

Näme täzelik?. 2

2. GURNAMAK. 2

Programmany gurnamak. 2

Programmany aıyrmak. 3

3. ULANMAK. 3

Çykmak. 3

Funksiıalary görkezmek. 3

Funksiıalary iºletmek – buıruk boıunça. 4

Funksiıalary düwme bilen iºletmek. 5

Bar bolan funksiıany üıtgetmek. 5

Täze funksiıa goºmak. 7

Funksiıany aıyrmak. 7

Programmanyò içerki funksiıalary. 7

Programma açıan funksiıa goºmak. 7

Faıl açıan funksiıa goºmak. 8

Papka açıan funksiıa goºmak. 9

Web sahypa açıan funksiıa goºmak. 9

Teksti çalºyk buferine goııan funksiıa goºmak. 9

GELJEGI BARADA.. 10

GOªUNDY. 11

 


1. GIRIª

Tizaçar programmasy barada

Tizaçar programmasy kompıuterde iºleıän adamlaryò öz iò köp ıerine ıetirıän amallaryny tizleºdirmegi maksat edinıär. Bu programmany ulanyp aºakdaky iºler üçin gysgaça kombinasiıalar belläp, iºlemegi tizleºdirip bolıar.

·         Papkalary açmak

·         Programmalary açmak

·         Web sahypalary açmak

·         we beıleki umumy amallar

Tizaçar programmasy öz adyny edıän iºinden alıar. Ol aºakdaky meselelere jogap hökmünde iºlenip düzüldi.

·         Iº stoly ıarlykdan dolıar - Adatça kompıuterde iºlenilende iº stolunda birnäçe ıarlyklar döredilıär. Iºleriò artmagy we çylºyrymlaºmagy bilen iº stolunyò üsti ıarlykdan dolıar. Netijede iº stoluny ulanmak kyn bolıar.

·         Windows Search teklipleriniò ulanyja görä iºlemeıänligi – programmalary tiz tapmak üçin Windows gözlegi hem birnäçe teklipleri berıär. Emma ol teklipler anyk bolman iò ıakyn programmany teklip edıär. Tizaçar programmasy her bir ulanyjynyò iò köp ulanıan programmalaryna anyk belgileri we kodlary bellemäge mümkinçilik berıär we basylıan düwmeleriò sanyny düıpli azaldıar.

·         Iºlenilıän wagty papkalaryò we faıllaryò köp açylyp ekranyò dolmagy – adatça kompıuterde iºlenilende birnäçe papkalary we faıllary açmaly bolıar. Emma olaryò hemmesi bir bada gerek bolman, 5 minutdan ıa-da 15 minutdan açmaly bolıar. Dürli kategoriıalarda tertiplenen papkalar biri-biriniò içine ıerleºdirilende papkalary açmak üçin syçan bilen köp gezek basyp girmeli bolıar. Tizaçar umuman faıl/papka açmak iºini aòsatlaºdyrıar we diòe edil häzir ulanyp oturan faıllaryòyzy açyp ulanmaga mümkinçilik berıär. Sebäbi ulanyjynyò indiki papkalary açmagy örän aòsat bolandygy sebäpli olary (kyn bolandygy üçin) açyk saklamak gerek däl bolıar.

Näme täzelik?

Tizaçar programmasynyò häzirki wagtda ilkinji wersiıasy 1.0 ulanyºa berilıär.

·         Tizaçar 1.0 wersiıasy

2. GURNAMAK

Tizaçar tiz iºlemek üçin niıetlenilen bolany üçin köp bezegi bolmadyk ıönekeı programmadyr.

Programmany gurnamak üçin, kompıuterde gerek ºertler:

·         Windows XP ıa-da Windows 7, 8, 10 gurnalan kompıuter

·         4 MB ıer

Programmany gurnamak

Ony gurnamak üçin kompıuteriò islendik bir ıerine papkasy bilen ıerleºdirmek ıeterlik. Antiwirus programmalar Tizaçary wirus hasaplap kompıuteriòizden aıyrmagy mümkin. Antiwirusa Tizaçaryò wirus däldigini aıtmaly bolıarsyòyz.

Programmanyò kompıuteriòiz açylanda awtomatik iºlemegini isleseòiz, aºakdaky papkanyò içine ıarlyk ıerleºdirmeli bolıarsyòyz. İarlykda Tizaçary goıan ıeriòizdäki “tizacar.exe” faılyny görkezmeli.

C:\Users\{Siziò ulanyjy adyòyz}\AppData\Roaming\Microsoft\Windows\Start Menu\Programs\Startup

Programmany aıyrmak

Programmany gurnalyºdan aıyrmak üçin, Ony kompıuteriòizde duran ıerinden pozmaly we oòa bellän ıarlyklaryòyzy aıyrmaly.

3. ULANMAK

Tizaçaryò ıerine ıetirıän iºi örän ıönekeı. ªol sebäpden, ony ulanmak hem örän aòsat. Ony iºledeniòizden soò, Windows-da ulgamynyò sag aºaky böleginde ºu menıu görünıär. Gök “TA”(TizAçar) belligi programmanyò iºleıändigini görkezıär.

Çykmak

Programmadan çykmak üçin “Çykyº” menıusyna basyò. Programma ıapylar we gök bellik ıiter.

Funksiıalary görkezmek

Programmada bellän funksiıalaryòyzy görmek üçin “Görkez” menıusyna basyò. Aºakdaky ıaly penjire görner. Bu penjiredäki her bir setir siziò bellän funksiıalaryòyzy görkezıär.

 

Ol funksiıalar programmanyò “tizachar.txt” (suratda görkezilıär) atly faılyndan alynıar. ªol faılyò içinde siziò hemme bellän funksiıalaryòyz saklanylıar. Funksiıalaryòyzy üıtgetmek üçin göni “tizacar.txt” faılyny hem üıtgedip bilersiòiz. Emma programmanyò öz interfeısini ulanmagy maslahat berıäris. İalòyºmazlygyò üçin gowy bolıar.

Description: C:\Users\nazar\AppData\Local\Microsoft\Windows\INetCache\Content.Word\tizachartext.png

Funksiıalary iºletmek – buıruk boıunça

Funksiıalary iºletmegiò esasy iki usuly bar.

Description: C:\Users\nazar\AppData\Local\Microsoft\Windows\INetCache\Content.Word\functions_view.png

Olaryò birinjisi BELGI sütünindäki ıa-da KOD sütünindäki ıazgyny aºakdaky buıruk setirine ıazyp ENTER düwmesine basmak. Mysal üçin ıokardaky penjireden BELGI=4 ıa-da KOD=lock diıen buırugy iºletjek bolsak, aºaky buıruk setirine ıa “4” ıa-da “lock” ıazyp ENTER düwmesine basmaly. Bu iki dürli mümkinçilik san ıat tutmagy ıa-da söz ıat tutmagy halaıanlar üçin göz öòünde tutuldy. Bu ıerde esasy maksat bu penjiredäki sanawa seredip ol ıerdäki funksiıany gözläp tapmak däldir. Tizaçar ºu gysgajyk buıruklaryò ıat tutulmagyny göz öòünde tutıar. Her kim öz iò köp ulanıan funksiıalaryna ıat tutup biläıjek kodlaryny belleıär we olary gündelik durmuºynda ulanıar we wagtyò geçmegi bilen bu kodlara öwreniºıär. Funksiıalaryò penjiresi diòe ıada düºmese ulanmak üçin peıdaly. Umuman bu ulanjynyò öz islegine bagly.

Funksiıalary düwme bilen iºletmek

Funksiıalary düwme bilen iºletmek usulynda her bir funksiıa düwme kombinasiıalary bellenilıär. Aºakdaky mysalda görseòiz 2 belgili funksiıa “^{NUMPAD0}” düwmesi bellenilipdir. Bu Ctrl+0 (sagdaky san düwmelerini) düwmesine basylanda bu funksiıanyò iºlejekdigini görkezıär. İagny bu düwmelere basylanda, funksiıalaryò penjiresi görkezilmän funksiıa iºlediler. ªeılelikde siz hemme buıruklara düwme belläp bilersiòiz. Emma düwmeler bellenilende olaryò kombinasiıalarynyò her programmanyò içinde ulanylıan kombinasiıalara deò gelmezligini göz öòünde tutmaly bolıar. ªeıle edilmese, ıerine ıetirilmeli iºler bulaºyp biler.

Bellik: Düwmeleriò kodlarynyò sanawy ºu gollanmanyò soòunda görkezilıär.

Description: C:\Users\nazar\AppData\Local\Microsoft\Windows\INetCache\Content.Word\tizachartext.png

Bar bolan funksiıany üıtgetmek

Buıruklary redaktirlemek üçin ilki bilen olaryò üstüne basyp setirini saılamaly. İagny syçanjygy funksiıanyò setiriniò üstüne goıup bellemeli.

Soòra aºakdaky “ÜİTGET” düwmesine basmaly.

ªonda aºakdaky ıaly penjire açylar we saılan funksiıaòyzyò maglumatlary görkeziler.

Description: C:\Users\nazar\AppData\Local\Microsoft\Windows\INetCache\Content.Word\edit_window.png

Olar aºakdaky ıaly iºleıär.

ID – her bir funksiıanyò ıeke-täk özüne mahsus belgisi, bu belgiler biri-birine meòzemeli däldir. Hökman gerek.
Belgi – funksiıany iºletmek üçin siziò bellän belgiòiz. Özüòize aòsat düºjek san belgisini belläò.  Hökman gerek.
Düwme - funksiıany iºletmek üçin siziò bellän düwmäòiz (düwmeleriòiz). Hökmany däl.
Kod - funksiıany iºletmek üçin siziò bellän koduòyz. Islendik san/belgi kombinasiıasy bolup biler. Hökman gerek.
Bellik – funksiıanyò näme iº edıändigini ıatlamak üçin özüòize bellik. Hökmany däl.
Funksiıa – İerine ıetirilıän iºiò görnüºini görkezıär. Köplenç “Run” bahasy bolmaly. Hökmany gerek. Tizaçaryò içerki funksiıalary üçin baºgaça baha bolup biler.
Programma – Windows ulgamynda iºledip bolıan islendik .exe, .com, .bat giòeltmeli programma. Ony “Saıla” düwmesini ulanyp saılap bilersiòiz ıa-da göni özüòiz el bilen hem ıazyp bilersiòiz. Eger funksiıa “Run” bolsa onda hökman bellenilmeli.
Parametr – “Programma” üçin bellenilen parametr. Muòa faıl ıa-da papka bellemek mümkin.
Reòk – Funksiıanyò düºek reòkini saılamak üçin. Käbir funksiıalary biri-birinden tapawutlandyrmak üçin baºga reòkleri bellemek mümkin. Hiç reòk bellenilmese ak reòk bolar.
Topar – bu geljekde ulanylmak üçin goıuldy. Boº goıup bilersiòiz.
Açarsöz – funksiıa iºledilmezden öò soraljak açarsözi girizmek üçin ulanylıar. Bu boº bolsa açarsöz soralmaz. Bellenilen bolsa degiºli funksiıa iºledilmezden öò açarsöz soralar. Bu açarsöz ºol funksiıa degiºli gizlin maglumatlaryò hakyky goragy däldir. Bu diòe ıüzleı gorag hasaplanylıar. Hökmany gerek däl.

Indi aºakdaky buırugyò mysalyna seredenimizde, ol “100” ıa-da “m1” basmak arkaly iºledilıär. Onuò reòki “lazur” gök. Onuò ıerine ıetirıän funksiıasy “chrome.exe” brauzerini açmak we onda “gmail-e” girmek bolup durıar. Buıruga düwme bellenilmändir. ªonuò üçin ony diòe penjiräni açyp “100” ıa-da “m1” basyp iºledip bolıar.

Description: C:\Users\nazar\AppData\Local\Microsoft\Windows\INetCache\Content.Word\edit_window.png

Täze funksiıa goºmak

Täze funksiıa goºmak üçin aºakdaky “TÄZE” düwmesine basmaly.

Degiºli parametrleri girizip, “İatda sakla” düwmesine basmaly.

Funksiıany aıyrmak

Aºakdaky penjirede “Poz” düwmesine basmaly. Tassyklasaòyz, degiºli buıruk pozular.

 

Description: C:\Users\nazar\AppData\Local\Microsoft\Windows\INetCache\Content.Word\edit_window.png

Programmanyò içerki funksiıalary

Programmanyò birnäçe içerki funksiıalary bardyr. Olar onuò dogry iºlemegi üçin zerur bolup durıar.

ShowFunctions – Funksiıalar penjiresini açyp/ıapıar.

ExitScript -  programmadan dolulygyna çykıar.

RefreshData – Programmanyò maglumatlary täzelense, onuò penjirede täzelenmegini üpjün edıär.

Paste – bellenilen parametri çalºyk buferine (clipboard-a) goııar we ony Ctrl+V bilen ıelmäp bolar ıaly edıär.

Programma açıan funksiıa goºmak

Programma açıan funksiıa goºmak üçin

Funksiıa parametrini “Run” bellemeli.
Programma parametrine iºletmek isleıän programmaòyzyò bellemeli.
Programmanyò haısy parametr bilen iºlemegini isleıän bolsaòyz ºony ıazmaly.
Mysal üçin, buıruk redaktirleme penjiresinde aºakdaky ıaly maglumatlary girizmeli. ID, kod we beıleki talap edilıän maglumatlar hem goºulmalydyr.

Mysal1:
Funksiıa = Run
Programma = rundll32.exe
Parametr = user32.dll, LockWorkStation

Bu mysalda “rundll32.exe” faıly degiºli parametrler bilen iºledilıär we ekran gulplanıar. Derrew ıeriòizden turup gitmek isleıän bolsaòyz peıdaly funksiıa.

Mysal2:
Funksiıa = Run
Programma = C:\Program Files (x86)\Notepad++\notepad++.exe
Parametr =

 

Mysal2-de parametr ıok diòe “Notepad++” programmasy açylıar.

Mysal3:
Funksiıa = Run
Programma = E:\keyboards\keyboardmode_en.bat
Parametr =

Bu mysalda siziò öòden ıazyp goıan Batch faılyòyz iºledilıär. Eger bat faılyòyzyò içinde parametrlere garaºylıan bolsa parametrleri hem girizip bilersiòiz.

Faıl açıan funksiıa goºmak

Köp iºleıän faıllaryòyzy açıan funksiıa goºup bilersiòiz. Munuò birnäçe usuly bolup biler.

Birinji usulda programma üçin “explorer.exe” ıazıarys. Parametr üçin hem faılyò doly ıerini ıazıarys.

Mysal1:
Funksiıa = Run
Programma = explorer.exe
Parametr = E:\languages\Kitap.pdf

İokardaky mysalda explorer.exe programmasy Kitap.pdf faılyny ulgamyò öz içinde haısy PDF okaıjy gurnalan bolsa ºoò bilen açmaga çalºar. Mysal üçin (Adobe Acrobat ıa-da Foxit PDF bar bolsa, haısysy bellenilen bolsa ºoò bilen açar).

Mysal2:
Funksiıa = Run
Programma = C:\Program Files (x86)\Winamp\winamp.exe
Parametr = G:\music\ estrada.m3u

Bu mysalda Winamp programmasy “estrada.m3u” aıdym-saz sanawyny açyp aıtdyrmaga baºlar.

Mysal3:
Funksiıa = Run
Programma = C:\Program Files (x86)\Microsoft Office\Office14\excel.exe
Parametr = E:\hasaplar\algydarlar.xls

Bu mysalda Excel programmasy “algydarlar.xls” faılyny açar.

Papka açıan funksiıa goºmak

Papka açıan funksiıa goºmak üçin aºakdaky ıaly parametrler girizilmeli.

Mysal1:
Funksiıa = Run
Programma = explorer.exe
Parametr = E:\kitaplar\engineering\software\

Bu mysalda“E:\kitaplar\engineering\software\” papkasy açylıar.

Mysal2:
Funksiıa = Run
Programma = explorer.exe
Parametr = C:\

Bu mysalda“C:\” papkasy açylıar.

Web sahypa açıan funksiıa goºmak

Belli bir websahypany açıan funksiıa goºmak üçin aºakdaky ıaly parametrler girizilmeli.

Mysal1:
Funksiıa = Run
Programma = C:\Program Files (x86)\Google\Chrome\Application\chrome.exe
Parametr = https://www.gmail.com/

Bu mysalda Chrome brauzeri bilen “Gmail” sahypasy açylıar. Baºga brauzer bilen baºga sahypalary hem belläp bilersiòiz.

Teksti çalºyk buferine goııan funksiıa goºmak

“Paste” funksiıasy bilen bellenilen teksti çalºyk buferine (klipborda) goıup bilersiòiz.

Bu funksiıanyò esasy maksady köp ulanylıan standard tekstleri her gezek täzeden ıazman, bir gezek ıazyp bellemek we täzeden ulanmakdyr. Mysal üçin, köp e-poçta bilen habarlaºıan adamlarda bu funksiıa gerek bolıar, sebäbi köp standart jogaplary bermeli ıeri köp bolıar.

Mysal1:
Funksiıa = Paste
Programma =
Parametr = Salam<br><br>Hatyòyzy aldym.<br><br>Sagboluò,<br>Aman

Programmany boº goııarys. Bu mysalda “Salam sagbol” diılen tekst kompıuteriò ıadyna goıulıar we siz soòra ony islän programmaòyzyò içine Ctrl+V basmak arkaly ıelmäp bilıärsiòiz. “<br>” täze setiri aòladıar. Ol ıelmenıän tekstiò içinden aırylıar.

İokardaky funksiıanyò netijesi ıelmän ıerimizde aºakdaky ıaly çykıar:

Salam

Hatyòyzy aldym.

Sagboluò,
Aman

GELJEGI BARADA

Programma geljekde goºulmaly funksiıalar we girizilmeli düzediºler kän. ªonuò üçin, ulanyjylardan geljek tekliplere we tankytlara hem garaºıarys. Habarlaºmak üçin info@mekany.com

GOªUNDY

Düwmeleriò kodlary

ALT düwmesi “!” bilen belgilenıär.

Meselem Alt+a düwmesine funksiıa bellejek bolsaòyz, Düwme parametrine “!a” (goºa dyrnaksyz) ıazmaly.

CTRL düwmesi “^” bilen belgilenilıär.

Meselem Ctrl+a düwmesine funksiıa bellejek bolsaòyz, Düwme parametrine “^a” ıazmaly.

SHIFT düwmesi “^” bilen belgilenilıär.

Meselem Shift+F1 düwmesine funksiıa bellejek bolsaòyz, Düwme parametrine “+{F1}” ıazmaly.

Ctrl+Shift+F1 üçin bolsa, “^+{F1}” ıazmaly.

Düwmäniò kody

Düwme

{!}

!

{#}

#

{+}

+

{^}

^

{{}

{

{}}

}

{SPACE}

SPACE boºluk düwmesi

{ENTER}

Esasy klawiaturadaky ENTER düwmesi

{ALT}

ALT

{BACKSPACE} or {BS}

BACKSPACE

{DELETE} or {DEL}

DELETE

{UP}

İokaryk ok düwmesi

{DOWN}

Aºak ok düwmesi

{LEFT}

Çepe ok düwmesi

{RIGHT}

Saga ok düwmesi

{HOME}

HOME düwmesi

{END}

END düwmesi

{ESCAPE} or {ESC}

ESCAPE düwmesi

{INSERT} or {INS}

INS düwmesi

{PGUP}

PageUp düwmesi

{PGDN}

PageDown düwmesi

{F1} - {F12}

Funksiıa düwmeleri

{TAB}

TAB düwmesi

{PRINTSCREEN}

Print Screen düwmesi

{LWIN}

Çep Windows düwmesi

{RWIN}

Sag Windows düwmesi

{NUMLOCK on}

NUMLOCK (on/off/toggle) düwmesi

{CAPSLOCK off}

CAPSLOCK (on/off/toggle) düwmesi

{SCROLLLOCK toggle}

SCROLLLOCK (on/off/toggle) düwmesi

{BREAK}

Ctrl+Break üçin

{PAUSE}

PAUSE düwmesi

{NUMPAD0} - {NUMPAD9}

San klawiaturasyndaky san düwmeleri

{NUMPADMULT}

San klawiaturasyndaky * (köpeltmek) düwmesi

{NUMPADADD}

San klawiaturasyndaky + (goºmak) düwmesi

{NUMPADSUB}

San klawiaturasyndaky – (aıyrmak) düwmesi

{NUMPADDIV}

San klawiaturasyndaky / (bölmek) düwmesi

{NUMPADDOT}

San klawiaturasyndaky . (nokat) düwmesi

{NUMPADENTER}

San klawiaturasyndaky Enter düwmesi

{APPSKEY}

Windows App düwmesi

{LALT}

Çep ALT düwmesi

{RALT}

Sag ALT düwmesi

{LCTRL}

Çep CTRL düwmesi

{RCTRL}

Sag CTRL düwmesi

{LSHIFT}

Çep Shift düwmesi

{RSHIFT}

Sag Shift düwmesi

{SLEEP}

Kompıuteriò SLEEP düwmesi